Sunday, February 22, 2015

Milli Azlyklaryň Bilim Almak Hukuklary hakynda Gaaga Düzgünnamalary we Düşündiriş Haty

به مناسبت روز جهانی زبان مادری: 
توصیه های بزرگ در مورد رویکرد حقوق تحصیل به زبان مادری اقلیت های ملی-(تئوری و عملی)": 

Şu bukletde ýerleşdirilen habarlar erkin görnüşde göçürlip köpeldilip bilner; Esaslara salgylanmak goldanylýar. Şu bukjanyň iňlis dilindäki asyl nusgasy Etniklerara Gatnaşyklar Fondy tarapyndan taýýarlandy we çap edildi.
ISBN 90 – 75989 – 01 – 6.Türkmen Okuwçylary
************************
*******
Giruiş:Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) 1992 –nji ýylyň Gorkut aýynda Helsinkide kabul eden karary esasynda “Döräýjek konfliktleri mümkin boldugyça ir döwürde duýdurmak, döremezliginiň öňüni almak maksady” bilen Milli Azlyklar baradaky Ýokary Komissar (MAÝK) wezipesini döretdi. Şu ädim ozalky Ýugoslawiýada dörän ýagdaýa jogap hökmünde bolup, köpleriň çen-çak etmeklerine görä wakalaryň Ýewropa döwletlerinde, esasan-da demokratik jemgiýetçilik gurlyşyna geçmekçi bolýan ýurtlarda gaýtalanmak howpunyň bolanlygyny, munuň özi Ýewropa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň hem hökümetleriniň kabul edip, 1990-njy ýylyň Sanjar aýynda Täze Ýewropa üçin Pariž Hartiýasynda berkidilen parahatçylyga ýetmek hem gülläp ösmeklik maksatnamasyna bolan ynamy puja çykarmagy ähtimaldyr.

1993-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-den başlap jenap Maks wan der Stul Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Milli Azlyklar baradaky ilkinji Ýokary Komissary (MAÝK) wezipesine başlady. Parlament agzasy, Niderlandlaryň daşary işler Ministri, Birleşen Milletler Guramasynyda (BMG) hemişelik wekil bolup işlän döwürlerinde şeýle-de köp ýyllaryň dowamynda adam hukuklaryny goraýjylyk işini alyp barmagynda toplan baý iş tejribesini ulanyp, jenap Maks wan der Stul Ýewropanyň merkezi guramalary bilen Milli azlyklaryň arasynda bolýan köp sanly düşnüksizliklerde howply konfliktlere iteriji güýçleriň toplanýandygyna ünsini gönükdirdi.

Häzirki wagtda Milli azlyklar baradaky Ýokary Komissar özüniň “ýuwaş diplomatiýa” usuly bilen hereket edip köp ýurtlarda şol sanda Albaniýada, Horwatiýada, Estoniýada, Wengriýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Latwiýada, ozalky Ýugoslawiýa respublikasynda bolan Makedoniýada, Rumyniýada, Slowakiýada, we Ukrainada öz üns merkezinde bolan işleriniň üstünde işleýär. Ol ilkinji nobatda döwletara dartgynçylyklaryň hat-da ýagdaýlaryň döremegine gönümel sebäp bolup biläýjek çeşmelere ünsini bölüp, şonda bir ýurtda milli ýa-da etniki toparlaryň san tarapyndan köpsüni, beýlekisinde azyny döredýän wekillerine degişli bolup, döwlet hem hökümet bähbitlerine aralaşýan ýagdaýlara öwrülip, şol döwletler arasynda dartgynçylykly ýagdaýlaryň, käbir halatlarda çaknyşmalaryň başlangyjy bolýar. Belläp geçmeli zadymyz, şunuň ýaly dartgynçylykly ýagdaýlar köp halatlarda Ýewropanyň taryhyny kesgitlänligidir. ...
Milli azlyklaryň bilim almak hukuklary hakynda "GAAGA" düzgünnamalary we düşündiriş hatynyň Türkmençe tekstiniň Dowamyny şu ýerde "PDF" file-dan alyp okap bilersiňiz! ...
По Русскии: "Язык и политика в многонациональных общест- вах (Проблемы теории и практики)": - Автореферат По русскии!

Goşmaça gerekli habarlar üçin: Milli azlyklar baradaky Ýokary Komissarynyň Ofisine ýüz tutup bilersiňiz!

Prinsessegracht 22
2514 AP The Hague
Tel.: +31 (0) 70 312 5555
Faks: +31 (0) 70 346 5213
Elektron poçta: hcnm@hcnm.org
E-mail: hcnm@hcnm.org

No comments:

Post a Comment